Her bir senediň, her bir hünäriň bir gün gerek bolup çykaýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin hem senet öwrenmekdäki, bilimleri ele almakdaky säwliklere ýol bermek bolmaz.
***
Eger çaga biedeplik edip göwnüňe degse, senem ony içiňe sygdyryp bilmeseň, oňa öz eliň bilen temmi bermegin, mugallymlaryňa aýdaryn diýip gorkuzgyn, ýüreginde saňa kine saklamaz ýaly, temmi bermegi mugallymlara tabşyrgyn!
***
Emma ogluňy berk tutgun, ol hiç haçan seni ejiz hasap etmesin, hemişe öz ýanyndan senden heder etsin.
***
Bilim almak, senet öwrenmek perzendiň borjudyr, bilim we hünär öwretmekde biweç bolmagyn.
***
Ýöne ogluň jahyl çykybereninde, ony gözden salmagyn, onuň nämä ýykgyn edýändigini, haýsy işe baş goşmak isleýändigini — ýa hojalyk bilen gümra bolup öýlenmek, mal-mülk toplamak hyýaly barmy — hemmesini anyklagyn. Şondan soň toý tutmagyň ugruna çykyp başlagyn.
***
Ogluňy öýerjek, gyzyňy durmuşa çykarjak bolsaň, gudalaryň garyndaşlaryňdan bolmasyn, gyzy kesekiden algyn, çünki öz tohumyňdan alsaň-almasaň, barybir onuň eti etiňden, gany ganyňdandyr.
***
Goý, ogluň ulalansoň öz bilşi ýaly ýaşasyn. Barybir sen öleniňden soň, ol maňlaýyna ýazylyşy ýaly ýaşar.
“Kowusnamadan”.