Anna ÇARYÝEWA.
Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy, küşt boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni:
— Men 4 ýaşymdan bäri küşt bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýaryn. Ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmakda öz şahsy goşandymy goşmak üçin irginsiz türgenleşik okuwlaryna gatnaýaryn. Tälimçimden küştüň ähli ugurlaryndan göçümleriň inçe syrlaryny öwrendim. Ejegyz mugallymyň maňa berýän her bir maslahatyndan peýdalanyp, garşydaşymy utmagy başarýaryn. Elbetde, utulýan ýerlerimem bolýar, ýöne soňky wagtda yhlasly türgenleşmegim meni diňe ýeňişe eltýär.
Men ilki sport mekdepde geçirilýän ýaryşlara gatnaşdym. Soňra şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başladym. Her bir ýaryşda gazanýan tejribäm hem üstünligim daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde birnäçe gezek halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe boldum. Şeýle yhlasly ýeňişlerim maňa uly bagt getirdi. Has takygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna — 40 000 manat pul baýragyna mynasyp bolmagym meni hem meniň maşgalamy diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Gazanan üstünliklerimize guwanyp, bize serpaý ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.








