Alyşir Nowaýy Hyratdan Maru-şahu jahana gelip, bir çola ýerde çadyr dikip, ýazy şol ýaýlada kitaplar bilen geçirmegi ýüregine düwüpdir. Ol diken çadyrynda bir aýa golaý wagt bolanda, çapar Hyratdan Soltan Hüseýin Baýkaranyň çakylygyny getirýär. Ol goşlaryny tükellemäge başlaýar. Çadyrynyň çekillerini ýazdyrmakçy bolanda, Nowaýynyň gözleri gumrynyň höwürtgesinde saklanýar. Ol ýazdyrylan çekini ýaňadan daňýar-da, ýola seredip oturyberýär. Gün öýle ýerine baranda, Nowaýy bazara eşekli barýan ötegçini saklap, saglyk-amanlyk soraşyp, onuň bir pukara, mysapyr kişidigine göz ýetiripdir.
Ol bu adama ýüzlenip: “Eý Hudaýyň bendesi, men Soltanyň çakylygy bilen gyssagly Hyrat şäherine aşmaly boldum. Bu ajyz guşjagaz çadyr üstünde mesgen tutup ýumurtgalapdyr. Indi jüýje çykaryp, ganat baglaýança onuň höwürtgesini bozmak imansyzlykdan nyşan. Men bu gabahat işi edip biljek däl. Onuň üçin siz şu çadyra eýelik etseňiz, hakyňyzy tölärdim” diýipdir.
Gara zähmet bilen güzeran dolaýan goja Nowaýa bada-bat düşünipdir. Ol gumrynyň çagalary ganat baglap, uçup gidýänçäler şol çadyrda ýaşapdyr.
Taýýarlan
Kakajan GAÝYBOW.








