Dünýäde hemme zat gözel. Ýöne tebigy gözellige taý geljek zat welin, asla, ýok. Adamzadyň gözelligi özboluşlydyr. Onuň keşbem, ruhy dünýäsem gözel bolmaly. Gözellik barada gürrüň gozgalanda, oňa hemmetaraplaýyn baha bermek zerur. Aýratynam, zenanlaryň tebigy gözelligini görmäge göz gerek, waspyny etmäge bolsa şahyrana dil gerek. Olaryň Aý dek jemaly, kaddy-kamaty gözüňi gamaşdyrýar. Gara saçlary, galam gaşlary, hünji deýin dişleri, güler ýüzleri, nurana gözleri bar.
Zenan gözelligi asyrlar boýy wasp edilip gelinýän, onda-da sözleriň iň şirinleri saýlanyp alnyp, şygyrlara salnyp, ýürekden teswirlenýän gözellikdir. Onsoň, «Gyz-gelinler alabahar ýalydyr» diýen sözleri kagyza geçirip, mähriban gelin-gyzlarymyzy bahara deňän şahyra «aperin» diýesiň gelip dur. Leýliniň gözelligi Mejnuny çöl-beýewana çykmaga mejbur etse, Perhat Şirin diýip daglary ýarmadymy?! Zöhre diýip Tahyr derýada aksa, Şasenem diýip Garyp özüni gul edip bazara salmadymy?! Meňliniň gözelligi, oňa ýetip bilmezligi beýik Magtymgulynyň gara başyny gara ýere, gara bagryny gara daşlara oýkadyp, gudratly daglardan haraý gözletmedimi?!
Gyz maşgala kişi maşgalasy. Ol ýetişensoň ykbalyny başga bir maşgala baglamaly bolýar. Ösüp oturan daragt nahalynyň başga bir baga göçürilende, onuň süllermän, düýp tutmagy üçin hakyky bagbanyň, onda-da, işine ezber bagbanyň gerekdigi belli. Gyz maşgalanyň hem şol daragt nahaly ýaly, gelin bolup baran ýerinde ornaşyp gitmegi üçin, ilki bilen, özüniň hakyky gözelligini saklamagy gerek. Gelen gelniň adamsyna, gaýynlaryna hyzmat edýän we olary sylap-hormatlan mahaly onuň gözelliginiň has-da artýandygyna şübhe barmy? Posalajyk bäbegi ak gunduz ýaly arassa, gülüň ysy gelip durar ýaly edip, saklap, enelik mähri bilen perzendini gurşap alan zenanyň gözelligine gözellik goşulanokmy näme?!
Çeper elli, süýji sözli gyz maşgalany her kimiň gelin edinip, öýüniň, kalbynyň töründen orun beresi gelýär. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr. Muňa mysal edip, «Gorkut ata» eposyndaky Bugra han ogly Biregiň: «Kaka, maňa şeýle bir gyz alyp ber, men ýerimden turmankam, ol tursun...» diýen sözlerini ýatlamak hem ýeterlikdir.
Zenan gözelligi barada gürrüň edip, onuň baş sütünleri bolan buýsanç we namys ýaly düşünjeler hakynda hem agzap geçmesek, bärden gaýtdygymyz bolar. Zenan buýsanjy onuň öýde, maşgalada, jemgyýetde, durmuşda özüni asylly alyp barmagydyr. Her bir zenan dürli ýagdaýlardan, kynçylyklardan adyna şikes getirmän baş alyp çykmalydyr. Çünki, buýsançly zenan bagtly zenandyr. Şeýle bolansoň, zenany we onuň buýsanjyny namysyny, goramak enäni goramakdyr. Enäni goramak bolsa, Watany goramakdyr. Meşhur şahyrymyz Gurt Näzliýewiň wasp edişi ýaly:
Zenan diýmek dünýedir,
Adamzada dowamdyr.
Gelip-gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr.
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýyşa güwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki, zenan ýaryňdyr,
Çünki, zenan gyzyňdyr,
Çünki, zenan uýaňdyr,
Çünki, zenan eneňdir.
Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň buşlukçysy bolup gelýän Halkara zenanlar günüňiz, ýagny, 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun, mähriban eneler! Gözellikde, owadanlykda bereketli türkmen topragyna mübärek gadamyny goýan bahar pasly bilen bäsdeşlik edýän gelin-gyzlarymyza bolsa: «Goý, siziň, buýsançly başyňyz egilmesin, gözellik hemişe size ýar bolsun!» diýesimiz gelýär.
Annamyrat BERDIMYRADOW.








