Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi il-günümizi galkyndyrdy. Täze ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratly ýyllarynyň biri boljakdygy guwandyrýar. Çünki, üstümizdäki ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmegiň wajyp wezipeleri durýar.
Şol wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi üçin bolsa, ýaňy başlanan ýylyň ilkinji günlerinden döredijilikli zähmet çekmeli. Şeýle tutanýerli zähmetiň ösüş-özgerişli Watanymyzyň bedew badyna bat goşjakdygy şübhesizdir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygar kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Şundan ugur alyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmaga her birimiziň mynasyp goşandymyz bolmalydyr.
Merdan ORAZMEREDOW.








