Iňlisçe “Jentelmen” sözi “ýumşak adam” diýen manyny berýär.
Ilkinji suwasty geçiriji Alžir we Italiýa döwletleriniň arasynda çekilipdir.
Torgaý — uçup barýarka saýrap bilýän ýeke-täk guş.
Ýuko Tabeý — Jomolungma depesine ilkinji bolup çykan zenan.
Geçmişde Hytaý döwletinden başlanan Beýik Ýüpek ýoly birnäçe ösen şäherleri birleşdiripdir. Onuň iň soňky nokady Italiýanyň Rim şäheri bolupdyr.
Daniýa döwletiniň paýtagty adada, özi bolsa ýarym adada ýerleşýär.
Balhaş bir tarapy süýji suwly, beýleki tarapy duzly suwly köldür.
Ilkinji hokkeý oýny 1875-nji ýylyň 3-nji martynda Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilipdir.
“Hokkeý” fransuz sözi bolup, “Çopan taýagy” diýen manyny berýär.
Dünýäde reňkleri tersine ýerleşen ýeke-täk ýolyşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Sirakýus şäherinde ýerleşýär.
Ilkinji bolup telefony oýlap tapan Aleksandr Bell. Emma ol telefony özi oýlap tapsa-da, ýekeje gezek hem öz aýaly bilen telefonda gürleşmändir. Sebäbi, onuň aýaly ker bolupdyr.
Toplan
Hojaberdi ABDYÝEW.








