Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny özgertmek we ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça döwlet ähmiýetli, il bähbitli göwrümli işler durmuşa geçirilip, ýokary netijelere eýe bolunýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýy belleniljek, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda edermen gallaçy kärendeçilerimiz, ýer eýeleri özleriniň yhlasly zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu günler welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary 170 müň gektarda gallanyň ýokary hasylyny ýetişdirip, meýilnama boýunça 345 müň tonna bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyrmagy öz öňlerinde wezipe edip goýdular.
Üstümizdäki ýylyň 3-nji iýunyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galla oragyna ak pata bermegi welaýatymyzyň edermen gallaçylaryny ýokary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Häzirki günlerde galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly çalt we zaýasyz ýygnamak üçin ähli güýçler jemlenildi. Işler guramaçylykly alnyp barylýar. Galla ýygyjy kombaýnlaryň, ýük daşaýjy awtoulaglaryň sazlaşykly guralan işi netijesinde galla meýdanynda saçaklarymyzyň berekedi bolan guşgursak ak bugdaýyň möçberi artýar. Edermen gallaçy kärendeçileriň ýüzlerçesi şertnamalaýyn borçnamalaryna artygy bilen hötde gelýärler.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bugdaý oragy möwsüminiň başlanmagynyň öňýanynda täze tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglaryň nobatdaky tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem-de degişli kärhanalaryň ygtyýaryna berilmegi oba hojalyk işgärlerini hyjuwly zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Welaýatymyzyň “Obahyzmat” önümçilik birleşigine dünýä meşhur “CLAAS TRION 520” kysymly bugdaý orujy kombaýnlaryň 26-sy hem-de “Sinotruk Homan” kysymly ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň 19-sy, Ýer serişdeleri müdirligine “Toyoto-Hilux” kysymly ýeňil awtoulaglaryň 15-si, Marynyň abatlaýyş zawodyna “SITRAK-F” kysymly ýük ulaglarynyň 2-si gelip gowuşdy. Olar tejribeli mehanizatorlara we sürüjilere berkidildi. Täze kombaýnlar bugdaý oragy möwsüminde öndürijilikli işledilip, welaýatyň gallaçylarynyň ýetişdiren hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýakyndan ýardam berer.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








