Şeýle at bilen etrap medeniýet öýünde geçirilen duşuşyk hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Duşuşygy TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap medeniýet öýi, etrap bilim bölümi bilelikde guradylar. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän daşary syýasaty, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy, ýurdumyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Ogulnäzik ANNAMOWA.