Hemişelik Bitaraplyk syýasaty Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyksöýüjilikli häsiýetiniň durmuşdaky ykrarnamasy bolup, ata Watanymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bitaraplyk ýurdumyzyň goşa ganatynyň biridir. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrarnama eýe bolan Bitaraplyk syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam edýär.
Hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty yklymlary bitewileşdiriji ýörelgedir. Aziýanyň parahatçylyk söýüji ýurdy bolan ata Watanymyz BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durmak bilen, bu guramanyň düzüm birlikleri bilen ýokary ähmiýetli işjeňligi amala aşyrýar. Mysal hökmünde 2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi barada gutarnykly çözgüdiniň kabul edilendigini ýatlamak bolar. Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen dost-doganlyk gatnaşygyny durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimize il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.
Taganmyrat GURTLYÝEW.








