Garagum etrabyndaky «Jaňjagaz» atly 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Çemen Akmämmedowa H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 15 ýyldan gowrak wagt bäri biregne şu çagalar bakja-bagynda zähmet çekip gelýär. Ol çagalara bilim-terbiýe bermekde, çagalaryň we terbiýeçileriň arasynda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmakda kärdeşlerine görelde bolýar. Ç. Akmämmedowa her bir işde çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Altyn Hydyrowa bilen maslahatlaşyp, iş tejribesini baýlaşdyrýar.
Zähmetsöýer terbiýeçi Çemen Akmämmedowa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, zähmet çekýän bilim ojagyna uly abraý getirýär. Onuň bilim-terbiýe berýän körpeleri «Bir bar eken, bir ýok eken» atly ertekilerden sahna oýny bäsleşiginiň etrap tapgyrynda baş baýragy, welaýat tapgyrynda 1-nji orny, «Körpe bilgirjeler» bäsleşiginiň etrap, welaýat tapgyrlarynda baş baýragy eýelemegi başardylar. Şeýle hem Çemen Akmämmedowa «Iň gowy topar otagy» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda baş baýraga, welaýat tapgyrynda bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Ol bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerine buýsanyp, yhlasly, tutanýerli we döredijilikli zähmet çekýär.








