Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglarynda körpe nesillere döwrebap bilim hem terbiýe berilýär. Çagalaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeginde irginsiz aladalanýan, işine ökde terbiýeçileriň biri-de Ýolöten etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Arzygül Hojanyýazowadyr.
Arzygül 2020-nji ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebini tamamlap, Türkmenabat şäherindäki 64-nji çagalar bagynda işe başlaýar. Soňra 2022-nji ýylda Ýolöten etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynda zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, okatmagyň täze usullaryndan peýdalanyp, çagalara sowat öwretmekde, matematikanyň ilkinji düşünjelerini bermekde, dilleri öwretmekde, olary daşky gurşaw, tebigat bilen tanyşdyrmakda yhlasyny gaýgyrman işleýär.
A.Hojanyýazowa 2025-nji ýylda “Ýylyň terbiýeçisi” bäsleşigine gatnaşyp, onuň etrap tapgyrynda baş baýraga, welaýat tapgyrynda bolsa 3-nji orna, ýene-de şol ýylda “Daşary ýurt dillerini öwretmek döwrüň talabydyr” atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de, Arzygülüň bilim berýän çagalary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.








