Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2026-2027-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralar Mary welaýatyndaky ýokary, ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde we umumybilim berýän orta mekdeplerde ýokary ruhubelentlige, uly şowhuna beslendi. Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde geçirilen baýramçylyk dabarasy hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň ylymly, bilimli, häzirki zamanyň ýokary tehnologiýasyndan oňat baş çykýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Şanly sene – Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarada aýdym – sazly çykyşlara giň orun berildi. Dabaranyň dowamynda belent heňlerde ýaňlanan aýdymlarda, tanslarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýan asuda, erkana, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat hem-de döwlet bähbitli belent başlangyçlary joşgun bilen wasp edildi. Baýramçylyk çäresinde belent joşgun bilen ýerine ýetirilen her bir çykyşy dabara gatnaşanlar uly şowhun bilen garşyladylar. Täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaňyň kakylmagy şu günki baýramçylyk çäresiniň iň tolgundyryjy hemem dabaraly pursatlary boldy. Ak mekdebe ilkinji gezek gadam basyp, birinji synplara kabul edilen bagtyýar körpelere Hormatly Prezidentimiziň adyndan täze döwrebap kompýuterleriň sowgat berilmegi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň, her bir ene atanyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Göwher Ataýewa.








