Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipelere bagyşlanyp maslahat geçirildi. ,,Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýen şygar bilen geçirilen bu maslahat işjeň häsiýete eýe bolup, onda tejribeli bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze işjeň usullary dogrusynda gürrüň edildi. Bu ýere ýygnanan bilim işgärleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada-da özara pikir alyşdylar. Maslahata gatnaşan bilim işgärleri bilim ulgamyny hem-de mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Bu ýerde tejribeli bilim işgärleriniň okuw-görkezme esbaplary boýunça taýýarlan sergisi hem giňden ýaýbaňlandy. Bu sergini synlanlar okuw-görkezme esbaplary arkaly okuwçylara bilim we terbiýe bermekligiň täzeçe usullary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Toýmyrat Gurbanow.








