Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklar yzygiderli ýola goýulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda dünýä döwletlerine amala aşyran döwlet saparlary doly şaýatlyk edýär.
Dostlukly döwletlere bolan döwlet saparlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp barlyp, olarda deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi hem-de işjeň hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatynda maslahatlaşyldy.
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








