Ýakynda welaýat çagalar hassahanasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — jebisligiň, ösüşiň dabaralanmasy» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň bölüm müdiri Annagözel Saryýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy, IÝG-niň başlygy Wepa Hojaýew, welaýat çagalar hassahanasynyň işgärler boýunça uly inspektory, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Aýbölek Paýtykowa hem-de şäherdäki 18-nji çagalar bagynyň müdiri, şäher halk maslahatynyň agzasy Hatyja Myradowa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








