Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap Zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary etrap Geňeşiniň we Mary etrap Medeniýet bölüminiň gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwrüniň bagtyýar zenanlary” ady bilen aýdym-sazly dabarasy geçirildi. Türkmen halkymyzyň millilik ruhuna beslenen bu dabarada Mary etrap medeniýet bölüminiň taýýarlan folklor çykyşlary esasynda türkmen halkynyň ajaýyp gelinalyjy toýy, akgoýun toýy sahnalaşdyryldy. Bu dabarada gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan miras bolup biziň günlerimize gelip ýeten milli keşdeleri, halylary we başga-da sünnälenilip edilen el işlerini ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Zenanlaryň çeper ellerinden, ýürek joşgunyndan dörän milli el işleri, ajaýyp kürteler, nagyşlanan ýakalar, gül tahýalary, milli gymmatlyklarymyz şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyryp, biziň şu günlerimize çenli sarpalanyp gelendir. Bu günki günde sarpasy belentde tutulýan bagtyýar zenanlar halkymyzyň baý geçmiş taryhynda öçmejek yz galdyran milli gymmatlyklarymyzy hemmetaraplaýyn öwrenip, dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda döwlet ähmiýetli işleri durmuşymyza ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtýarlar.
Dursun Ilbegiýewa.








