Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlary ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeklige çagyryp, şulary ýatladýar:
elektrik geçirijiler ulanylanda: olary öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde ulanmak, elektrik geçirijileriň sütünleri birikdirilende ýönekeý usulda, towlama görnüşinde saramak we onuň daşyny ýeňil ýanyjy örtgüler bilen dolamak, alýumin bilen mis elektrik geçirijileriň sütünlerini birikdirip ulanmak, elektrik geçirijileriň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy çig mallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, ýagtylandyryjy çyralar gurnalanda ýanyjy çig mallardan 20 santimetr, otagdaky öý goşlaryndan 50 santimetr az bolan arada ýerleşdirmek, elektrik setini çenden aşa artyk işletmek, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagyna oda durnukly çig mallary goýmazdan ulanmak, bir wagtyň özünde bir elektrik çeşmesine birnäçe enjamlary birikdirip ulanmak talabalaýyk däldir.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.








