Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde oba hojalygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zähmetsöýer daýhanlaryň toprakdan bereketli hasyl almagy üçin tohum, tehnika, suw üpjünçiligi babatynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Özleri hakynda edilýän aladalara zähmet üstünlikleri bilen jogap bermegi maksat edinýän ýer eýeleriniň işleri ileri, ümzükleri öňe.
Geçen — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary güýzüň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 170 müň gektar ýere bugdaý tohumyny ekdiler. Edermen gallaçylar her ýyl hem agrotehnikanyň talaplaryna görä ekiniň idegini edip, bellenilen meýilnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Geçen orak möwsümini netijeli tamamlan gallaçylar täze ýylyň hasyly üçin irgözinden işe girişdiler. Öňünden sürlüp, tekizlenilip, suwdan gandyrylyp taba gelen meýdanlarda bugdaý ekişi bökdençsiz geçirildi. Kärendeçiler täze ýylyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin kadaly gögeriş alnan ekiniň idegini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Olar häzirki günlerde bugdaý ekilen ýerlere ýerli we mineral dökünleri bermek işini guramaçylykly dowam etdirýärler. Bu bolsa olaryň düýpleriniň gurplanmagyna ýardam edýär. Munuň şeýledigini gallaçy kärendeçilerimiz öz tejribelerinde görüp gelýärler. Ekerançylyk ýerlerinde gögerip oturan bugdaýlar ýer eýeleriniň höwesini artdyrýar. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde bugdaýlar boý alyp, bol hasyl toplarlar. Şu günlerde endigan ösýän ýaşajyk maýsalar hem galla oragynyň üstünliklere beslenjekdiginden habar berýär.
Biz hem şu ýylyň hasyly üçin ýere bereket tohumyny sepip, bol hasyl ugrunda aladalanýan gallaçylara “Her bir dänäňiz müň bolsun!” diýýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








