Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär.
Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we isripsiz ýygnap almakda gerek bolan döwrebap oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Topragyň berekedini artdyrýan, ekinlere iýmit bolan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär, şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Kuwwatly we ýokary öndürijilikli tehnikalara daýanylýan döwürde öndürijilikli zähmet çekýän daýhanlarymyz döwletimiz tarapyndan berilýän bu kömek-goldawlardan, döredilýän ýeňilliklerden peýdalanýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şöhratly wakalara beslenýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanylmaga berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr” Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Täze açylan maldarçylyk toplumy hem-de suw hojalygyna degişli täze satyn alnan döwrebap tehnikalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak, oba hojalygyny girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








