Ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda her ýylymyza mynasyp at goýmak asylly däbe öwrüldi. Gündogar senenamasy boýunça 2026-njy ýylky, bedew ýylyna-da halkdan gelýän teklipler göz öňüne tutulyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagy bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip at goýuldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Bu üstünlik ýylymyzyň şygary bilen sazlaşyp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýuna uly sowgat boldy.
Bu gün behişdi bedewlerimiziň at-owazasy dünýä doldy. “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “Halkara ahalteke atçylyk” Assosiasiýasy döredildi. Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk toplumlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň nal şekilinde gurulmagy “akylly” şäheriň çäklerindäki ýoluň “Ahalteke atlary şaýoly” diýip atlandyrylmagy, Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan Akhan atly bedewiniň täsin heýkeliniň gurulmagy, ýurdumyzda behişdi bedewlere goýulýan sarpanyň belentligini aýdyň görkezýär.
Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň, “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, “At — myrat” okuw merkeziniň hem ahalteke bedewlerini öwrenmek we ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri, ýakymly howasy bolan künjeginde, ýagny, Arkadag şäherinde döredilmeginiňem aýratyn manysy bar. Taryhy maglumatlara görä, atlaryň eldekileşdirilen iň irki ojaklarynyň biri hem Ahal oazisi bolmaly. Gadymy Nusaýdan, Altyndepeden, Gökdepeden, Pessejikdepeden we beýleki ýerlerden tapylan taryhy arheologik tapyndylar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan behişdi bedewleriň mekany diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris.
Ýurdumyzy toýlaryň toýlara ulaşýan mekanyna öwren, milli mirasymyza, medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Tawus GYLYJOWA.








