18-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Behişdi bedewler – halkymyzyň göwün ganaty» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilip, oňa döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri, «Bereketli Garagum» tebigy goraghanasynyň işgärleri, atbakarlar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly ýagdaýda geçirilýändigi, atlara belent sarpanyň goýulýandygy, döwletimizde atlary seýislemek, arassa ganly ahal-teke atlaryň genofondyny gorap saklamak ugrunda işleriň alnyp barylýandygy, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesine üns berilýändigi, şeýle-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlaryň dakylýandygy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri hakynda ýürek buýsançlar beýan edildi.
Çäräniň dowamynda atbakarlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň taýýarlan Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.