Bedewleriň waspy edildi
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Bedewleriň waspy edildi

53 12.07.2026

        Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.  Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Merjen Çaryýarowa

Suratlar

26
26 16.07.2026
Zähmet üstünliklerine we ruhy gymmatlyklara bagyşlanan toý sadakasy

         Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri hem-de Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy” metjidi diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Döwrebap Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidiň il sylagly ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi – diýlip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň adyndan berlen toý sadakasyna welaýatyň din wekilleri, mährem eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý sadakasyna gatnaşanlar Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň mynasyp atlandyrylmagyny goldamak bilen ol ýerde geljekde mukaddes dinimiz bolan yslam dininiň ybadatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatly işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap metjitler gurlup, milli däp – dessurlarymyzy berjaý etmäge giň ýollar açylýar. Yslam dünýäsinde metjit, köpri we ýol gurmak sogap hem-de parz işleriň biri hasaplanýar. Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin edýän sogaply işleri il – günümiziň ýürek buýsanjyny hasam belende göterýär. Zähmetsöýer babadaýhanlaryň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri, akylly şäher hasaplanylýan Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi– diýlip atlandyrylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda tagam – duz dadylyp, aýat – töwir okaldy. Toý sadakasynyň dowamynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Bu ýerde welaýatyň bagşy-sazandalarynyň bu şatlykly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Olaryň döwlet Berkararlygyny, ýurt asudalygyny, Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşlerini taryplap ýerine ýetiren şirin mukamlary toý sadakasyna gatnaşanlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Sadakaňyz hakyň keremli dergähinde kabul bolsun Gahryman Hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyz! Çarymuhammet Saparow

26
26 16.07.2026
Halk Maslahaty — agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasy

 Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetini wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirildi. Bu maslahat “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly” – diýlip atlandyryldy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly syýasy taryhy waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine ykjam taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzasy, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap – şäher häkimlikleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, edara – kärhanalaryň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, watanymyzyň şan – şöhratyny belende götermekde, il – günümiziň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde jemgyýetiň wekilçilikli iň ýokary edarasy bolan halk maslahatynyň orny örän uludyr – diýlip bellenildi. Täze taryhy döwürde halkymyz türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşmek bilen nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda orun alyp, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri ýokarlanýar. Amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny gurşamak bilen Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Watan halky bilen watandyr”, “Döwlet halky bilen döwletdir” diýen baş şygarlaryna esaslanyp, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine gönükdirilýär – diýlip, maslahatdaky çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Döwletimizi uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasydyr. Halkymyz her bir işiň başyny tutanda il-güne geňeşip maslahat salýar. Ata – babalarymyzyň asyrlardan aşyp gelýän nusgalyk däplerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem taryhy çözgütler we il – ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär. Raýatlarymyzdan we jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan teklipleriň nazara alnyp, bähbitli çözgütleriň kabul edilmegi bolsa halkymyzyň erk – isleglerine doly laýyk gelýär. Munuň özi halkymyzyň zähmet çekmäge bolan höweslerini ýokarlandyryp, olaryň ata – Watanymyza bolan buýsançlaryny hasam belende göterýär – diýlip çykyşlarda aýdyldy. Ýurdumyzyň bagtyýar ilaty döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinip, ynamly gadamlar bilen şanly toýa barýar. Ýurdumyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň şu ýyl döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeklerem bu şanly toýa mynasyp toý sowgatlary boldy. Uly toý şatlyklaryna, dabaralara beslenjek günleriň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu maslahat halkymyzyň durmuşynda täze sahypalar açar. Halkymyz öz aýdyň geljegini, bagtyýar we eşretli durmuşynyň hözirini Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk alyp barýan döwletli il – ýurt bähbitli işlerinde aýdyň görýär – diýip, çykyşlarda buýsanç sözler beýan edildi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren tabşyryklary, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşy we beren gymmatly maslahatlary halkymyzyň kalbynda ýokary ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, belent sepgitlere ýetirmekde halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň şan – şöhrata beslenýän ýylynda halkymyzyň ykdysady ösüşlere goşýan mynasyp goşantlarydyr - diýlip, dabaraly maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy rowaçlyklaryň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

28
28 15.07.2026
Dünýä türkmenlerini birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeler

      Mary welaýat häkimliginiň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara “Garaşsyz eýýamly türkmen döwletim Tugumyz asmanda baky parlasyn” – diýlip atlandyryldy. Bu maslahata dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzalary, birleşigiň Mary welaýat bölüminiň köpçülikleýin agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip alyp baran döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn nygtalyp geçildi. Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyndan ugur alyp daşary döwletlerde ýaşaýan türkmen doganlarymyza dost-doganlyk goluny uzadýar, olara yzygiderli ynsanperwer kömeklerini berýär. Häzirki döwürde dünýäniň çar künjegine ýaýran ildeşlerimiz ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşlerine, Watanymyzyň şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarlar, Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri amala aşyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Bu şanly toýa görülýän taýýarlyk işleriniň dabaralary birleşigiň ähli agzalarynyň köňül kalbyny diýseň joşdurýar – diýlip, çykyşlarda buýsançly sözler beýan edildi. Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet  we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirlen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwerlik syýasaty, dost-doganlyk gatnaşyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri joşgunly wasp edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar Çarymuhammet Saparow.

17
17 15.07.2026
Türkmenistanyň Halk maslahaty- belent özgertmeleriň aýdyň binýady

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty- belent özgertmeleriň aýdyň binýady” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda  türkmen halkynyň milli lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.   Şeýle hem bu ýerde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemek bilen baglanyşykly işler barada-da aýratyn nygtaldy. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň ählisiniň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendigini, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda-da buýsanç bilen bellediler. maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

27
27 14.07.2026
Demokratiýanyň milli nusgasy

      Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy” diýen at bilen  maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda  alynyp barylýan üstünlikler  barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredowa.

63
63 14.07.2026
Dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär

       Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem täze 2026 – 2027 – nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgär ýaşlaryň degişli resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu bilim ojagyna okuwa girmek isleýän dalaşgär ýaşlaryň her günde uly topary bu orta hünär okuw mekdebine gelmek bilen, bellenilen nusgadaky resminamalary dolduryp, ony okuwa kabul ediş toparyna tabşyrýarlar. Bu ýere gelýän dalaşgär ýaşlar öz islegleri boýunça, saýlap alan hünär ugurlaryna görä degişli resminamalary doldurýarlar. Dursun Ilbegiýewa.

52
52 12.07.2026
Bedewleriň waspy edildi

        Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.  Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa

55
55 09.07.2026
Wagyz-nesihat çäresi

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ,,Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy ” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Polisiýa müdirliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň, işjeň agzalary gatnaşdylar. Çuň many-mazmunly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, seri dumanlandyryjy maddalaryň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zyýanly, ýaramaz endikleriň garşysyna göreş alyp barmak dogrusynda derwaýys söhbetler edildi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durup, halal zähmet çekip Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredow

56
56 08.07.2026
"Maksat deriniň" önümleri

         Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi köpugurly esasda ösdürmek ugrunda berýän bimöçber ýardam-goldawlary arkaly döwletimiziň sebitlerindäki hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça bu gün depginli, täzeçe ösüşlere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçilerem önümçiligi senagat esasly ösdürip, öz öndürýän eksport ugurly önümleri bilen dünýä bazarynda giň orun almagy aýdyň maksat edinýärler.  “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň ”Ýurdumyzy 2022-2028 - nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda gurlup, önümçilige girizilen täze kuwwatly, döwrebap kärhanasy Italiýanyň hem-de beýleki Ýewropa döwletleriniň gön önümçiligi üçin niýetlenen häzirki zaman iň täze enjamlar toplumlary, innowasion tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň telekeçilerine ýurdumyzdaky ekologiýa taýdan arassa mal derilerini ýokary hilli gaýtadan işläp  bejerip, harytlyk gön derejesine ýetirmäge şert döredýär. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň, işgärleriniň hususy ulgamyň önümçiliginiň hilini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek, öz öndürýän gön önümleri bilen içki sarp edijileri üpjün edip, harytlyk önümiň galan bölegini dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem ýaşlara täze iş orunlaryny döretmek baradaky aýdyň maksatnamasy esasynda gurlan bu täze kärhana iri şahly mallaryň derilerini ýarym taýýar we taýýar gön edip işläp çykarýar. Kärhanada Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanymyzyň daýanjydyr” diýen durmuş ugurly parasatly ýörelgesi esasynda ýaşlaryň üç ýüze golaýyna täze iş orunlary döredildi. Paýdarlar jemgyýetinde her aýda iri şahly mallaryň derileriniň otuz müňden köprägi gaýtadan işlenilip, ýokary hilli harytlyk gön öndürilýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda kärhanada halkara ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli gön önümleriniň otuz alty million inedördül dessimetri işlenilip çykarylyp, şonuň ýetmiş göterimden köpräginiň daşary bazara ugradylmagy bu telekeçilik kärhanasynda eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň artdyrylýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Täzelikde bolsa kärhananyň önümçilik bölümlerine dünýäniň Italiýa, Türkiýe döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Derini ýumşadyjy, tekizleýji, ýüzünde şekilleri dörediji enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň işgärlerine önümçiligi has-da giňeltmäge ýardam berýär. Paýdarlar jemgyýetiniň bu täze kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy böleginiň  ýaşlardan ybarat bolmagy aýratyn bellärliklidir. Ol hünärmenler dünýäniň ösen döwletlerinde gön önümçiligi boýunça öňdebaryjy iş tejribesini özleşdirip gelen ýaşlardyr. Hünär kämilligini ele alan şol ýaşlar kärhanada ornaşdyrylan innowasion tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly,at-myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylda  “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz öndürýän ýarym taýýar we taýýar gön önümlerini dünýäniň Türkiýe, Pakistan, Russiýa, Federasiýasy, Özbegistan döwletlerine eksport edýär. Täze kärhana taslama kuwwatlygyna çykarylanda bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberi iki esse artdyrylar we ýaşlaryň ýene-de ýüze golaýyna iş orunlary dörediler. “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçileri ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmäge, hususy ulgamda önümçiligi köpugurly esasda alyp barmaga döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sapardurdy Ýaýlyýew.

26
26 16.07.2026
Zähmet üstünliklerine we ruhy gymmatlyklara bagyşlanan toý sadakasy

         Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri hem-de Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy” metjidi diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Döwrebap Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidiň il sylagly ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi – diýlip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň adyndan berlen toý sadakasyna welaýatyň din wekilleri, mährem eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý sadakasyna gatnaşanlar Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň mynasyp atlandyrylmagyny goldamak bilen ol ýerde geljekde mukaddes dinimiz bolan yslam dininiň ybadatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatly işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap metjitler gurlup, milli däp – dessurlarymyzy berjaý etmäge giň ýollar açylýar. Yslam dünýäsinde metjit, köpri we ýol gurmak sogap hem-de parz işleriň biri hasaplanýar. Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin edýän sogaply işleri il – günümiziň ýürek buýsanjyny hasam belende göterýär. Zähmetsöýer babadaýhanlaryň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri, akylly şäher hasaplanylýan Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi– diýlip atlandyrylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda tagam – duz dadylyp, aýat – töwir okaldy. Toý sadakasynyň dowamynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Bu ýerde welaýatyň bagşy-sazandalarynyň bu şatlykly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Olaryň döwlet Berkararlygyny, ýurt asudalygyny, Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşlerini taryplap ýerine ýetiren şirin mukamlary toý sadakasyna gatnaşanlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Sadakaňyz hakyň keremli dergähinde kabul bolsun Gahryman Hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyz! Çarymuhammet Saparow

26
26 16.07.2026
Halk Maslahaty — agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasy

 Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetini wagyz – nesihat etmek bilen baglanyşykly maslahat geçirildi. Bu maslahat “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – geňeşli iliň döwletli ýoly” – diýlip atlandyryldy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly syýasy taryhy waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine ykjam taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzasy, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap – şäher häkimlikleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, edara – kärhanalaryň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, watanymyzyň şan – şöhratyny belende götermekde, il – günümiziň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde jemgyýetiň wekilçilikli iň ýokary edarasy bolan halk maslahatynyň orny örän uludyr – diýlip bellenildi. Täze taryhy döwürde halkymyz türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşmek bilen nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda orun alyp, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri ýokarlanýar. Amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny gurşamak bilen Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” hem-de Hormatly Prezidentimiziň “Watan halky bilen watandyr”, “Döwlet halky bilen döwletdir” diýen baş şygarlaryna esaslanyp, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine gönükdirilýär – diýlip, maslahatdaky çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Döwletimizi uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligiň we abadançylygyň kämil nusgasydyr. Halkymyz her bir işiň başyny tutanda il-güne geňeşip maslahat salýar. Ata – babalarymyzyň asyrlardan aşyp gelýän nusgalyk däplerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem taryhy çözgütler we il – ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär. Raýatlarymyzdan we jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan teklipleriň nazara alnyp, bähbitli çözgütleriň kabul edilmegi bolsa halkymyzyň erk – isleglerine doly laýyk gelýär. Munuň özi halkymyzyň zähmet çekmäge bolan höweslerini ýokarlandyryp, olaryň ata – Watanymyza bolan buýsançlaryny hasam belende göterýär – diýlip çykyşlarda aýdyldy. Ýurdumyzyň bagtyýar ilaty döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinip, ynamly gadamlar bilen şanly toýa barýar. Ýurdumyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň şu ýyl döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeklerem bu şanly toýa mynasyp toý sowgatlary boldy. Uly toý şatlyklaryna, dabaralara beslenjek günleriň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu maslahat halkymyzyň durmuşynda täze sahypalar açar. Halkymyz öz aýdyň geljegini, bagtyýar we eşretli durmuşynyň hözirini Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk alyp barýan döwletli il – ýurt bähbitli işlerinde aýdyň görýär – diýip, çykyşlarda buýsanç sözler beýan edildi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren tabşyryklary, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşy we beren gymmatly maslahatlary halkymyzyň kalbynda ýokary ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, belent sepgitlere ýetirmekde halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň şan – şöhrata beslenýän ýylynda halkymyzyň ykdysady ösüşlere goşýan mynasyp goşantlarydyr - diýlip, dabaraly maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy rowaçlyklaryň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

28
28 15.07.2026
Dünýä türkmenlerini birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeler

      Mary welaýat häkimliginiň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara “Garaşsyz eýýamly türkmen döwletim Tugumyz asmanda baky parlasyn” – diýlip atlandyryldy. Bu maslahata dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzalary, birleşigiň Mary welaýat bölüminiň köpçülikleýin agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip alyp baran döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn nygtalyp geçildi. Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyndan ugur alyp daşary döwletlerde ýaşaýan türkmen doganlarymyza dost-doganlyk goluny uzadýar, olara yzygiderli ynsanperwer kömeklerini berýär. Häzirki döwürde dünýäniň çar künjegine ýaýran ildeşlerimiz ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşlerine, Watanymyzyň şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarlar, Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri amala aşyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Bu şanly toýa görülýän taýýarlyk işleriniň dabaralary birleşigiň ähli agzalarynyň köňül kalbyny diýseň joşdurýar – diýlip, çykyşlarda buýsançly sözler beýan edildi. Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet  we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirlen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwerlik syýasaty, dost-doganlyk gatnaşyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri joşgunly wasp edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar Çarymuhammet Saparow.

17
17 15.07.2026
Türkmenistanyň Halk maslahaty- belent özgertmeleriň aýdyň binýady

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halk maslahatynyň ähmiýeti we nobatdaky Halk maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipelere bagyşlanyp Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty- belent özgertmeleriň aýdyň binýady” ady bilen maslahat geçirilip, ol çuň many-mazmuna eýe boldy.  Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda  türkmen halkynyň milli lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.   Şeýle hem bu ýerde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemek bilen baglanyşykly işler barada-da aýratyn nygtaldy. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň ählisiniň halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendigini, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem il-ýurt bähbitli meselelere garaljaklygy dogrusynda-da buýsanç bilen bellediler. maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

27
27 14.07.2026
Demokratiýanyň milli nusgasy

      Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy” diýen at bilen  maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat  komitetiniň hem-de Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda  alynyp barylýan üstünlikler  barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredowa.

52
52 12.07.2026
Bedewleriň waspy edildi

        Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.  Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa

55
55 09.07.2026
Wagyz-nesihat çäresi

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, hem-de Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda ,,Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy ” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Polisiýa müdirliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň, işjeň agzalary gatnaşdylar. Çuň many-mazmunly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, seri dumanlandyryjy maddalaryň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, zyýanly, ýaramaz endikleriň garşysyna göreş alyp barmak dogrusynda derwaýys söhbetler edildi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durup, halal zähmet çekip Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Maýa Annameredow

303
303 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

279
279 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

1833
1833 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1650
1650 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1903
1903 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1842
1842 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1785
1785 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2104
2104 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1605
1605 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1901
1901 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.