,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramaklarynda Mary welaýatynda birnäçe günläp dowam eden “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahatynyň we dürli dabaralaryň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa welaýatyň işewür zenanlary gatnaşdy. Mary myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarmyza goýulýan hormat-sarpa, olaryň işlemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda aýratyn buýsanç bilen belläp, zenanlar bilen geçirilýän çäreleriň uly netijelere beslenýänligi barada-da durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatyň dowamynda türkmen zenanlarynyň maşgala ojaklarymyzdaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Gyz-gelin edebi, ahlaklylyk, eli çeperlilik ýaly ajaýyp gylyk häsiýetler dogrusyndaky täsirli gürrüňler hem bu maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar özleri hakda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








