Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň guramaklarynda “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Mary welaýat zenanlar bölüminiň işjeň agzalary, ilkinji guramalaryň başlyklary hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Bu okuw-maslahatyna gatnaşan zenanlar milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly hem-de onuň maşgala ojagyndaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelermiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän türkmen zenanlaryna mahsus bolan el işleriň dürli görnüşleri dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar türkmen zenanlaryna belent hormat-sarpa goýup, özleri hakda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly gahryman serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa Annameredowa.








