Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli dürli duşuşyklara we maslahatlara giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Murgap etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. ,,Bedew batly, şan-şöhratly Watanym” diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








