Bedew batly öňe barýar Diýarym
weather mary 19° C Mary
weather mary 19° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Bedew batly öňe barýar Diýarym

201 13.02.2026

      ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan dabaraly çäreleriň çäklerinde  Mary welaýatynyň Murgap etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  etrap birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň, medeniýet bölüminiň we merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda  “Bedew batly öňe barýar Diýarym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň ösüş ýoly barada  täsirli gürrüňler etdiler. Dabaranyň dowamynda Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki ýerine ýetirilen çykyşlarda Bagtyýar zamanamyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleriniň giňden waspy ýetirildi.

Nurjahan Mämmedowa.

Suratlar

12
12 30.03.2026
Sagdyn durmuş — hözirli ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň hemmeler üçin esasy ýörelge bolmagyna gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa maşgalalaryň agzybirligine, mäkämligine, ahyrky netijede-de jemgyýetimiziň jebisligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda welaýat prokuraturasy Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta okuw mekdebinde şu okuw mekdebi bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Bu çäre sagdyn durmuşy we ahlak arassalygyny wagyz-nesihat etmeklige bagyşlanyp, oňa prokuratura edaralarynyň işgärleri we okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Duşuşykda welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, orta okuw mekdebiniň direktory Maksat Çerkezow, şu mekdebiň mugallymy Gülnur Muhammedowa çykyş etdiler. Olar sagdyn durmuşyň agzybirligiň, bagtyýarlygyň, rysgal-döwletliligiň ýörelgesidigini nygtap, ahlak arassalygynyň abraý-mertebäniň kepilidigi barada täsirli gürrüň etdiler. Şu wajyp meseleler babatda alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler dogrusynda durup geçdiler. Yhlas ÇOGDUROW.

14
14 30.03.2026
Kitap — ylym-bilimiň açary

Golaýda TMÝG-niň welaýat, Sakarçäge etrap geňeşleri Sakarçäge etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. “Kitap — bilimleriň açary” atly bu duşuşyk etrabyň medeniýet bölüminiň kitaphanasynda guralyp, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary arkaly ýaşlarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekden ybarat boldy. Wagyz-nesihat duşuşygynda kitaphananyň müdiri Selbi Geldiýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bölüm müdiri Laçyn Kakajanowa, TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň baş hünärmeni Owadan Atdaýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň türkmen ýaşlary üçin terbiýeçilik ähmiýetini nygtadylar. Kitabyň her birimiz üçin ýakyn maslahatçydygy, onuň ylym-bilimiň, aň-düşünjämiziň ösmeginiň egsilmez çeşmesidigi barada gyzykly gürrüň berdiler. Aýnabat ATAÝEWA.  

14
14 30.03.2026
Kitap sergisi guraldy

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Milli miras — bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen welaýat kitaphanasynyň göçme kitap sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan türkmen halkynyň şanly geçmişini, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini wasp edýän we milli gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, asyrlaryň dowamynda mynasyp dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimizi beýan edýän ajaýyp kitaplarynyň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.  Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň, institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda guralan bu sergi täsirli boldy. Sergä gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  Gülnabat HOJAMYRADOWA.  

14
14 30.03.2026
Ajaýyp kitaplaryň waspy

Ýakynda Garagum etrap merkezi kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen etrapdaky orta mekdepleriň kitaphanaçylarynyň we mugallymlarynyň hem-de kitaphananyň okyjylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.  Maslahatda etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Gurbantäç Jumaýewa, şol kitaphananyň kitaphanaçysy Nurjemal Orazowa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Döndi Kerwenowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny, ähmiýeti barada aýdyp, olaryň ählisiniň ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülendigini nygtadylar. Munuň bilen bir hatarda kitap okamagyň peýdasy, ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekde taýsyz tagallalaryň edilýändigi, medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýjemal AGAJANOWA.  

17
17 30.03.2026
Ata mekan — toý-baýramyň mekany

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Mähri SAPAROWA.  

11
11 30.03.2026
Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.  Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýram AMANOW.  

15
15 30.03.2026
Milli medeniýetimize söýgi döredilýär

Garaşsyz, Bitarap döwletimizde nesil terbiýesi çagalar baglarynda edilýän aladalardan gözbaş alýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda körpe nesilde milli medeniýetimize söýgi döredilýär. Körpelerde aýdym-saz sungatyna, tans etmäge, goşgulary labyzly okamaga höwesi terbiýelemäge uly üns berilýär. Etrapdaky 8-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen maslahat ýokarda ýatlanlarymyza bagyşlanyldy. Oňa etrapdaky çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçileri we etrap bilim bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Jeren Çaryýewa, 4-nji we 9-njy çagalar bakja-baglarynyň müdirleri degişlilikde Mamagül Meredowa, Gunça Hudaýkuliýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil hakynda edýän aladalary, bu möhüm mesele bilen bagly durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň etdiler. Geljekki nesillerde körpelikden milli medeniýetimize söýgi-höwesi terbiýelemäge gönükdirilen tagallalar dogrusynda durup geçdiler. Muhammetberdi KUŞIÝEW.  

14
14 30.03.2026
Saglygymyz — baş baýlygymyz

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp, halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen tutumly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylygy kämilleşdirilýär. Golaýda etrap prokuraturasy etrap hassahanasy bilen şu hassahananyň ýygnaklar jaýynda duşuşyk geçirdi. Oňa etrap prokuraturasynyň işgärleri, etrap hassahanasynyň lukmanlarydyr şepagat uýalary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gülşat Mergenowa, etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Nurýagdy Saryýew, hassahananyň hukuk maslahatçysy Ogulşeker Babaýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde il-günümiziň saglygyny goramakda we berkitmekde durmuşa geçirilýän işleriň üstünde durup geçdiler. Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap kanunçylygy hakynda täsirli gürrüň berdiler. Merdan HOJANEPESOW.  

15
15 30.03.2026
Sagdyn durmuş ündeldi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Golaýda Murgap etrap salgyt bölüminde şu möhüm meselä bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygy etrap prokuraturasy etrap salgyt bölümi bilen bilelikde gurap, oňa ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.  Duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist Tagandurdy Tagandurdyýew, etrap salgyt bölüminiň başlygy Arslan Gurbanow, şu bölümiň işgäri Maýa Akmyradowa çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda neşekeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň her bir maşgala, her birimiz üçin rysgal-döwletliligiň, agzybirligiň, eşretli durmuşyň kepilidigi barada durup geçdiler. Arslan KADYROW.  

17
17 30.03.2026
Ata mekan — toý-baýramyň mekany

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Mähri SAPAROWA.  

11
11 30.03.2026
Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.  Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýram AMANOW.  

14
14 30.03.2026
Belent maksatly tutumly işler dogrusynda aýdyldy

        Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak dogrysynda gürrüňler edildi. Şeýle-de bu maslahatyň dowamynda  çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

13
13 30.03.2026
Döredijilik duşuşygy geçirildi

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at –myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň belli medeniýet sungat işgärleri we etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetine goýýan sarpasy dogrusynda çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň şirin owazlary belent heňde ýaňlandy. Maýa Annameredowa.

32
32 25.03.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Watan

Golaýda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli TDP-niň welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap, etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogulbossan Arrykowa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Söhbetdeşlikde Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetkuly Allakulyýew, Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Uzukjemal Hommadowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy, ýurdumyzda saglyk, bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlaryna giň orun berildi.  Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

31
31 24.03.2026
“Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahaty geçirildi

     ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramaklarynda Mary welaýatynda birnäçe günläp dowam eden “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahatynyň we dürli dabaralaryň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa welaýatyň işewür zenanlary gatnaşdy. Mary myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda  çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarmyza goýulýan hormat-sarpa, olaryň işlemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda aýratyn buýsanç bilen belläp, zenanlar bilen geçirilýän çäreleriň uly netijelere beslenýänligi barada-da durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatyň dowamynda türkmen zenanlarynyň maşgala ojaklarymyzdaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem  türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk  ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Gyz-gelin edebi, ahlaklylyk, eli çeperlilik ýaly ajaýyp gylyk häsiýetler dogrusyndaky täsirli gürrüňler hem bu maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar özleri hakda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.     Merjen Çaryýarowa.

41
41 18.03.2026
Guramaçylykly  ýola  goýulýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda wajyp syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka bolar. Şu günler döwletimiziň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Dalaşgärleriň halkyň arasynda uly hormata eýe, zähmetsöýer adamlardygyny bellemek ýakymlydyr. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Çary ÖWEZOW.

38
38 18.03.2026
Asuda  durmuşyň  ýörelgesi

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy parahat, asuda durmuşyň taglymaty bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Onsoňam, bu syýasat içerki durnuklylyk we yzygiderli ösüş üçin amatly daşarky şertleriň döredilmegine mümkinçilik berdi. Bitaraplyk döwletimiziň daşary syýasatynyň üýtgewsiz binýatlyk ýol-ýörelgesi bolmak bilen, döwletimiziň dürli halkara guramalary we ähli ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmeginde netijeli esas bolup durýar. Geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk taglymatymyz durmuş tejribesinde many-mazmun taýdan baýlaşdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykyp, döwletimizi bütin dünýä parahatçylyksöýüjilikli döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.  Şatlyk ATAÝEW.

42
42 18.03.2026
Bedew batly ösüşli Diýar

 Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde maslahat geçirildi. “Diýar bedew batly ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.   Bu maslahatda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çalasynlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik  işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Akmuhammet AGAJUMAÝEW.  

1413
1413 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1199
1199 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1460
1460 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1378
1378 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1334
1334 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1543
1543 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1143
1143 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1365
1365 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.