Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Murgap etrabyndaky “Bagt öýi” toý mekanynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TDEI-niň bilelikde guramagynda «Bedew batly Diýarymyň bagtyýar zenanlary» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary, institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda oňa gatnaşanlaryň ençemesi milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, ata Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän, güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyzy, dilleri senaly enelerimizi, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutladylar. Şeýle-de, dabarada institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada ýaňlanan şirin aýdymlar hemmelere ruhy lezzet paýlady.
Sülgün ŞADYÝEWA.








