Ýolöten şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Bedew batly, at-myratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi.
Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Toýly ANYŞOW.








