Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň edebi mirasyny, taryhyny, sungatyny, milli gymmatlyklaryny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem türkmeniň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleridir. Türkmen halky irki döwürlerden bäri bedewi eldekileşdirip, seýisläp gelipdir. Muňa gadymy Marguşdan tapylan taýçanagyň mazary şaýatlyk edýär. Taýçanagyň ýanynda kiçijik tüýdük hem tapyldy. Ol bolsa, şol döwürlerde-de bedew atlarymyzy eldekileşdirendiklerini görkezýär.
Bedew atlar adamzat döräli bäri adamlar bilen ysnyşyp gelýän jandar. Türkmen onuň daşky keşbine, gözelligine seredip, onuň daşky görnüşini bezäpdir. Bedew atlaryň daşky keşbine gözellik berýän önümleriň biri-de içirgidir — at arkalarydyr. Olar haly, keçe, palas görnüşlerinde ýerine ýetirilip gelýär. Içirgiler hem haly görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Palas, keçe görnüşleri bolsa, at arka diýlip atlandyrylýar. Palas görnüşiniň içine keçe tutulýar. Ol esasan gyş aýlary ýapylýar. Palas gaty bolansoň, çümmezligi üçin içine keçe tutulypdyr. Palasdan, keçeden edilen at arkalar bedew atlary ýagyşdan, gardan, sowukdan goraýar. Haly içirgiler esasan toý-baýramçylyklarda bedew atlarymyzy bezäpdir. Içirgiler, bir tarapdan, owadanlyk berse, ikinji tarapdan, bedewler çapyp gelende şemal kakmazlygy üçin olaryň saglygyny gorapdyr.
Içirgiler bedew atlaryň ölçegine görä niýetlenip ýerine ýetirilipdir. Şeýle içirgileriň biri hem muzeýimizde goralyp saklanylýan haly görnüşinde dokalan içirgidir. Bu içirgi XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda dokalypdyr. Elde dokalan bu içirginiň nagyşlarynyň başlangyjy toprak bilen başlanýar, soňra dürli görnüşdäki nagyşlar salynýar. Bu içirgide esasan gyzyl, ak, sary, gara reňkler sazlaşykly ulanylypdyr. Içirgi dokalanda diňe bu nagyşlar salynman, başga-da dürli görnüşli nagyşlar salnyp, owadanlanyp dokalypdyr. Içirgini dokap bolanlaryndan soň, onuň çar tarapyny gyzyl, gara reňkli seçekler bilen bezäpdirler. Içirgi bedew atyň boýnundan we aýaklaryndan galan ýerini ýapýar. Kähalatlarda seçekleriň arasyna kümüşden ýasalan düwmejikler dakylyp, ol içirginiň owadanlygyny hasam artdyrypdyr. Içirgä dakylan düwmeler toýlarda gelnalyjynyň gelenini märekä habar berip, şatlyk-şowhuny ýokary göteripdir. Bedew atlarymyzyň daşky keşbine gözellik berýän içirgi haly, palas, keçe önümleri häzirki günlerimizde hem giňden ulanylýar. Enelerimizden gözbaş alyp gaýdýan bu ajaýyp içirgiler irki nusgasy bilen bilelikde döwrebap görnüşlerde ýerine ýetirilýär. Ata-babalarymyz bedewlerimizi diňe haly önümleri bilen bezemän, eýsem, kümüş şaý-sepleri bilen hem bezäpdirler.
Haly içirgileri dabaraly günlerde bedewlerimize gözellik berse, keçeden edilen at arkalaryny atlaryň üstüne ýapypdyrlar. Olar, esasan, çal, gara reňkli ýüňlerden ýerine ýetirilipdir. Bu görnüşli içirgileri jul, at keçe, at arka diýip hem atlandyrýarlar. Bedew atlarymyzyň gözelligini, ýyndamlygyny wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek.
Ussat şahyrymyz Gurbannazar Ezizow şu ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen bedewleriň waspyny ýetirýär:
Şat günüňde şatdyr ol,
Toýda şöhratyň bolar.
Magşar güni aglanlaň,
Birisi atyň bolar.
Şu şahyrana setirler bedew atlarynyň näderejede belentdigini, olaryň öz eýesine örän wepaly jandardygyny beýan edýär.
Ata-babalarymyz özleriniň iň gözel zatlaryny atlara bagyş edipdirler we gamyşgulak bedewlerimiz barada dürdäne setirleri bize miras galdyrypdyrlar. “Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Atdyr ýigidiň myrady”, “At — myrat” ýaly dilden-dile geçip gelýän pähimler türkmeniň ganynda, süňňünde bedew atlarymyza bolan çäksiz söýgüniň bardygyny aňladýar. Döwletimiz gamyşgulak, behişdi bedewlerimizi hormatlap, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär.
Şeker MEREDOWA.








