Mary şäher häkimliginiň gurnamagynda Täze ýyl baýramyna bagyşlap geçirilen baýramçylyk dabarasy aýdym-sazyň hoş owazyna beslendi. Täze ýyl baýramynyň öwüşgini bilen bezelen Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän “Aý Laçyn” toý mekanynda estrada aýdymçylar, döwrebap tans toparlary çykyş etdiler. Täze taryhy eýýamyň ruhuna mahsus ýaňlanan aýdymlar we ýerine ýetirilen tanslar Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabara gatnaşan bagtyýar raýatlaryň göwünlerini joşduryp, baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli rowaç işleri, ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan üstünlikler hem-de ýetip gelýän Täze ýyl baýramy joşgunly wasp edildi
Dursun Ilbegiýewa








