Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Bu ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mundan 35 ýyla golaý öň Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen döwletimiz ösüş-özgerişleriň menzilleri bilen bedew batly öňe barýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyryp, halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýurdumyz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi.
Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri. Mukaddes Garaşsyzlygyny göz-guwanjy, başynyň täji hasaplaýan türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Şu günler türkmen ili taryhy waka Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasy dag aşjak uly toýy şan-şöhratly ýylymyzyň möhüm wakasy bolup, Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. 35 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz syýasy taýdan kämil, berkarar, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Parahatçylyksöýüjilikli baky Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa çykýar.
Şu taryhy wakanyň dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşjakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň gadymy ýörelgesine eýerýän türkmen ili baş baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär. Maksatlary myrat bolýan halkymyz taryhy wakalara taýýarlyk görýär.
Saparmyrat ÇARŞAKOW.








