Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginiň Garagum etrap tapgyry geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarynyň zähmete, hünäre bolan ukyp–başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige etrabyň işeňňir zenanlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Garagum etrap bölümi tarapyndan geçirilen bu bäsleşikde zenanlar yzly-yzyna çykyş edip, öňde goýlan şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu ýerde gelin-gyzlaryň el işleriniň, milli lybaslarynyň, şaý-sepleriniň nusgalyk görnüşleri hem görkezildi. Has tapawutlanyp çykyş eden zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Toýmyrat Gurbanow.








