Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaş nesilleriň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de “Maru — şahu jahan” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Bitaraplyk — parahatçylygyň senasy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Täsirli geçen dabarada “Maru — şahu jahan” gazetiniň baş redaktory Muhammetdurdy Saparlyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew çykyş etdiler. Olar ýeňiji bolan ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, geljekde hem uly ýeňişlere eýe bolmagyny arzuwladylar. Ýene-de şeýle guraljak bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmelidigini we geçirilýän bäsleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Ajaýyp çykyşlardan soň ýeňijilerimiz yglan edilip, olara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary uly dabara bilen gowşuryldy.
Sülgün ŞADYÝEWA.








