Pähim Paýhas Ummany
Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşlerinden
ýaryşlar hem sport çäreleri guralýar.
Şeýle ýaryşlaryň biri hem 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 03-ne sportuň basketbol görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşa jemi 4 sany topar gatnaşdy. Bu ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi, ýaryşa gatnaşan türgenler diýseň taýýarlykly gelipdirler. Baýramaly şäheri 1 topary I orun, Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebi II orun, Baýramaly şäheri 2 topary III orun. Bu gyzlar welaýat derejesinde geçirlen ýaryşda ýokary netije gazanyp Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar we häzirki wagtda türgenleşik okuwlaryna gatnaşyp tejribelerini artdyrýarlar.
Taýýarlan: Ahallyýewa Anjela Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň Instruktor Usulýetçisi