Ýakynda Mary şäherindäki 37-nji çagalar bagynda şäheriň çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň arasynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Başarjaň eller» atly döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň döredijilik başarnyklarynyň ösmegine, çaga şahsyýetiniň işjeň ýagdaýda kemala gelmegine, çagalarda çeperçilik işine bolan gyzyklanmany döretmek, gözellik duýgularyny kemala getirmek, milli amaly-bezeg sungatyna söýgi döretmek, körpelerde ünsliligi, erjelligi we özbaşdaklygy terbiýelemek, zehinli körpeleri ýüze çykarmak, bilim edaralarynyň şekillendiriş sungaty boýunça işini döwrebap ýola goýmak, olara goldaw bermek maksady bilen geçirilen bäsleşik, diýseň, gyzykly boldy.
Bäsleşikde çagalar surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak boýunça döredijilik işini taýýarlamak, ýerine ýetirilen işi barada gysgaça gürrüň bermek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Eminler topary taýýarlanan işleriň mazmunyna, hiline we arassalygyna aýratyn üns berip, ýeňijileri yglan etdiler. Onda şäherdäki 49-njy çagalar bagynyň körpesi 1-nji, 18-nji çagalar bagynyň körpesi 2-nji, 37-nji çagalar bagynyň körpesi 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňiji bolanlara welaýat baş bilim müdirliginiň we TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Annagözel SARYÝEWA.








