Treska, mintaý, kambala, hek we sudak ýagly däl balyklaryň görnüşi bolup, olar saglyk, esasan-da, sagdyn iýmitlenmek üçin örän peýdalydyrlar. Olaryň düzüminde ýagyň mukdary az bolup, olar beloklara, witaminlere, minerallara örän baýdyrlar.
Treska — beýleki balyklara garanyňda onuň eti ýumşak, düzüminde ýagyň mukdary az (0,4 göterime golaý). Ol beloga baý balyklaryň biridir.
Mintaý — selene we fosfora baý bolan balyklaryň hatarynda bolmak bilen, onuň düzüminde 1,6 göterim ýag bar.
Kambala — A, B, C, E witaminlerine, demire, margenese, we beýleki mikroelementlere örän baý.
Hek — beloga we peýdaly maddalara baý bolan bu balygy iýmek örän gowy. Sebäbi ol aňsatlyk bilen siňýär.
Sudak — ak we ýumşak eti bolan bu balygyň düzüminde ýokumly maddalar örän köp.
Düzüminde ýagy az bolan balyklar horlanmak hem-de bedeniň agramyny kadaly saklamak isleýänler üçin has-da möhümdir. Olaryň düzüminde belogyň köplügi ynsan saglygynyň berkemegine, witaminleriň we beloklaryň bolmagy beden agzalarynyň oňat işlemegine ýardam edýär. Şeýle-de, bu görnüşdäki balyklar sagdyn iýmitlenmek üçin örän gowy bolýar. Olar çagalar, gartaşan adamlar, göwreli zenanlar üçin hem örän peýdalydyr.
Taýýarlan
Şanazar MEREDOW.