Uly şäherleriň birinde ady belli, meşhur skripkaçynyň konserti boldy. Çykyşynyň dowamynda skripkaçy birden durdy-da, gözlerini ýumdy we meýilnamada ýok, ýönekeý, ýöne unudylmajak owadan sazy çaldy. Tomaşaçylaryň hemmesi muňa haýran galdy.
Çykyşdan soň bir habarçy: “Näme üçin ol ýönekeý sazy çaldyňyz?” diýip, ondan sorady.
Skripkaçy gözlerini ýaşlandyryp ýylgyrdy-da:
— Üçünji hatarda bir aýaly gördüm, ol meniň ejeme gaty meňzeş ekeni. Ejem birnäçe ýyl mundan ozal aradan çykdy. Men çaga wagtym haçan gorksam, ejem hemişe şol sazy hiňlenip bererdi. Şonuň üçinem edil şol wagt men meşhur bolmak däl-de, ýene-de ejemiň ogly bolmak isledim. Sebäbi enäniň mähirli hüwdüsi biziň ilkinji eşidýän sazymyzdyr we şol saz biziň kalbymyzda baky ýaşaýar.
Iňlis dilinden terjime eden
Mähriban HOJANIÝAZOWA.








