Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde mährem zenanlarymyzyň baýramy bolan — 8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Bahar gülleri deý owadan, mähirli gelin-gyzlarymyzyň bu baýramy Watanymyzyň ähli künjünde uludan toýlanylýar. Bu ajaýyp baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, talyp gyzlara, şol sanda orta mekdeplerde we çagalar baglarynda bilim, terbiýe alýan gyzlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Sekiz çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar. Zähmetde tapawutlanan zenanlara hormatly atlar dakylýar, Şa serpaýlary ýapylýar.
Has-da abadan geljege barýan bedew batly bagtyýar zamanamyzda bagtdan paýly zenanlarymyzyň kalby buýsançdan doly. Bagtyýar enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy hormatlaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Aýparça AKYMOWA.








