Türkmenistanyň at
gazanan bagşysy, dessançy Gurt Ýakubowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli
aýdymçylaryň, sazandalaryň we welaýatyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda
Ýolöten şäherinde — Gurt Ýakubowyň doglup, ýaşan öýünde syýasy partiýalaryň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde
guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen duşuşyga meşhur
kyssaçy bagşy Gurt Ýakubowyň çagalary, agtyklary, dogan-garyndaşlary we
aýdym-saz muşdaklary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.
Duşuşykda meşhur
dessançy bagşynyň şägirtleri — bagşylar, dessançylar halypa bagşy Gurt Ýakubowy
ýagşylykda ýatlap, onuň bilen baglanyşykly ýatlamalary, ajaýyp pursatlary
gürrüň berdiler. Şeýle-de, halypanyň şägirtleri onuň aýdan aýdymlaryny,
dessanlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.