Bag – tebigatyň baky gözelligi
weather mary 41° C Mary
weather mary 41° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Bag – tebigatyň baky gözelligi

13 29.07.2025

Bag – tebigatyň baky gözelligi. Ähli döwürlerde hem bagy-bossanlyga, dürli görnüşli baglary, owadan gülleri ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilendigini taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.  Bu gün eziz Watanymyz owadan bagy-bossanlygy, hoştap ysly güllere baýlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bir şäherlerimizi we olaryň daş-töweregini däl, eýsem adamlaryň mydama gelim-gidimli ýerlerini hem gür baglyga öwürmegiň zerurdygyny nygtaýar. Röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan eziz ýurdumyzda , obalarda şäherlerde bezeg üçin ulanylýan pürli agaçlary, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyndan ugur alnyp, welaýatlarda, şäherdir etraplarda, hususy hojalyklarda ýetişdirilýän miweli we saýaly baglaryň, bezeg agaçlarynyň, üzümçiligiň meýdanlary giňeldilýär. Halkymyzyň süýji durmuşy bilen sazlaşýan datly ir-iýmişlere, jana tenekar miwelere, behişdi nygmatlara türkmen topragynyň sahawaty hiç haçan egsilenok. Bu günki günde edermen babadaýhanlaryň, kärendeçileriň, bagbanlaryň irginsiz zähmeti, yhlasy bilen ir-iýmişleriň, miweleriň, gök-bakja ekinleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Miweli baglara aýratyn ideg edilip, ak bazarlarymyzda ýylyň islendik pasylynda miwe bolçulygyny, azyk bolçulygyny döretmekde bagbanlar, babadaýhanlar joşgunly zähmet çekýärler.

Eziz Diýarymyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýerden bereket tapýan Garagum etrabynyň zähmetsöýer bagbanlary baglaryň bol hasyl getirmegi üçin agrotehniki çäreleri yzygiderli geçirýärler, baglara gow ideg edip, zyýankeşlere garşy göreşip, önjeýli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň zähmetsöýer bagbanlaryna döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýadawsyz zähmet çekýän öz işlerini döwrüň talabyna laýyk  guraýan Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň işjeň agzasy Merdan Hojajykow hem öz maşgala agzalary bilen baglardan miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde alyp barýan işleri  hasda guwandyryjy. Zähmetsöýer bagban  öz maşgala agzalary bilen  miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekip, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Zähmetsöýer pederlerimiziň “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” ýa bolmasa “Zähmetiň soňy rehnet” diýen parasatly sözünde görnüşi ýaly ýaly hatara uzap gidýän ýaşyl öwsüp oturan baglary, olaryň bereketli bol hasylyny synlanyňda bagbanyň we maşgala agzalarynyň  çeken zähmetiniň ýerine düşendigini görmek bolýar. Bu bagçylyk meýdana bagbanyň çekýän yhlasly zähmeti bilen ýakyndan tanyş bolmana we tejribe alyşmaga Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary yzygiderli gelýärler. Miweli baglary ýetişdirmekde, bereketli bol hasylyny ýygnamakda we agrotehniki çärelerini dogry we düzgün geçirmekde edilýän işleri ýakyndan gyzyklanyp bagbanyň degerli maslahatlaryny diňleýärler, tejribe alyşýarlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglaýarlar.  

Suratlar

13
13 29.07.2025
“Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri hut öz ýurdumyzda öndürip, şonuň hasabyna içki bazarda haryt bolçulygyny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça öňde goýýan gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmeklige ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamynyň işjeň telekeçileri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçilerem ykdysady bähbitli şu asylly maksada işjeň goşulyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täzeçe gözlegler bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, ösdürmek baradaky öňdengörüjilikli syýasaty esasynda “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasy döwletimiz tarapyndan berilýän uzak möhletleýin, ýeňillikli bank karz serişdeleriň hasabyna gurlan döwrebap önümçilik binasynyň dünýäniň aýakgap önümçiligindäki iň kämil tehnologiýaly tikin maşynlary hem-de beýleki enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň hemmesi dünýäniň ösen döwletleri bolan Italiýa, Germaniýa döwletlerinde iň täze öndürilen, ýokary tehnologiýaly önümlerdir. Şol enjamlar kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga, önümiň hilini düýpli gowulandyrmaga ýardam berdi. Bu ýerde häzir ýaşlaryň iki ýüzden köprägi zähmet çekýär. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriňdir işçileriň täze enjamlary dolandyrmagy ussatlyk bilen ele almaklary önümçiligi täzeçe gurnamaga şert döretdi. Şonuň netijesinde indi kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň önümçiliginiň möçberi ozalkydan üç esse artdy. “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda aýakgap önümçiligi üçin gerekli çig malyň ekologiýa taýdan arassa we beýleki tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýokary hilli gönüň öz paýdary bolan “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilmegi alyjylara hödürlenilýän aýakgaplaryň bahalarynyň daşary döwletlerden getirilýän aýakgaplardan arzan bolmagyny şertlendirýär. “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynda ýokary hilli, arassa gönden tikilýän, geýmek üçin rahat, ýakymly, bäsleşige ukyply aýakgaplara bu gün diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary bazarda-da  barha köp isleg bildirilýär. Kärhananyň telekeçileriniň öndürýän önümleri häzir Russiýa Federasiýasynyň şäherlerine, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan Respublikalaryna eksport edilýär. Bu telekeçilik kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary onuň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde hem-de beýleki şäherlerindedir etraplarda açylan ýöriteleşdirilen dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär. Kärhananyň işgärleri kiçi hem orta telekeçilik ulgamynda önüm öndürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

14
14 29.07.2025
Pagta meýdanynda

Obasenagat toplumyny ösdürmek, ony ykdysadyýetiň iň bir düşewüntli pudagyna öwürmek şu günüň möhüm talaplarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu pudaga aýratyn üns berlip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy golaýlaýar. Şundan ugur alnyp, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň edermen, zähmetsöýer kärendeçileri hem öz ekerançylyk ýerlerinde göwnejaý işleri alyp barýarlar. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak altynyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Gowaça meýdanlarynda agrotehnika çärelerini dogry we düzgün geçirmekde, arassaçylyk we abadançylyk işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, hatararalaryny ýumşadyp, goşmaça iýmitlendirmek işlerini uly ussatlyk bilen ýerine ýetirýän kärendeçilere Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy olary has-da yhlasly we tutanýerli işlemeklerine ruhlandyrýar.

12
12 29.07.2025
Bag – tebigatyň baky gözelligi

Bag – tebigatyň baky gözelligi. Ähli döwürlerde hem bagy-bossanlyga, dürli görnüşli baglary, owadan gülleri ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilendigini taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.  Bu gün eziz Watanymyz owadan bagy-bossanlygy, hoştap ysly güllere baýlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bir şäherlerimizi we olaryň daş-töweregini däl, eýsem adamlaryň mydama gelim-gidimli ýerlerini hem gür baglyga öwürmegiň zerurdygyny nygtaýar. Röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan eziz ýurdumyzda , obalarda şäherlerde bezeg üçin ulanylýan pürli agaçlary, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyndan ugur alnyp, welaýatlarda, şäherdir etraplarda, hususy hojalyklarda ýetişdirilýän miweli we saýaly baglaryň, bezeg agaçlarynyň, üzümçiligiň meýdanlary giňeldilýär. Halkymyzyň süýji durmuşy bilen sazlaşýan datly ir-iýmişlere, jana tenekar miwelere, behişdi nygmatlara türkmen topragynyň sahawaty hiç haçan egsilenok. Bu günki günde edermen babadaýhanlaryň, kärendeçileriň, bagbanlaryň irginsiz zähmeti, yhlasy bilen ir-iýmişleriň, miweleriň, gök-bakja ekinleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Miweli baglara aýratyn ideg edilip, ak bazarlarymyzda ýylyň islendik pasylynda miwe bolçulygyny, azyk bolçulygyny döretmekde bagbanlar, babadaýhanlar joşgunly zähmet çekýärler. Eziz Diýarymyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýerden bereket tapýan Garagum etrabynyň zähmetsöýer bagbanlary baglaryň bol hasyl getirmegi üçin agrotehniki çäreleri yzygiderli geçirýärler, baglara gow ideg edip, zyýankeşlere garşy göreşip, önjeýli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň zähmetsöýer bagbanlaryna döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýadawsyz zähmet çekýän öz işlerini döwrüň talabyna laýyk  guraýan Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň işjeň agzasy Merdan Hojajykow hem öz maşgala agzalary bilen baglardan miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde alyp barýan işleri  hasda guwandyryjy. Zähmetsöýer bagban  öz maşgala agzalary bilen  miweleriň bol hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekip, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zähmetsöýer pederlerimiziň “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” ýa bolmasa “Zähmetiň soňy rehnet” diýen parasatly sözünde görnüşi ýaly ýaly hatara uzap gidýän ýaşyl öwsüp oturan baglary, olaryň bereketli bol hasylyny synlanyňda bagbanyň we maşgala agzalarynyň  çeken zähmetiniň ýerine düşendigini görmek bolýar. Bu bagçylyk meýdana bagbanyň çekýän yhlasly zähmeti bilen ýakyndan tanyş bolmana we tejribe alyşmaga Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Garagum etrap komitetiniň hünärmenleri we işjeň agzalary yzygiderli gelýärler. Miweli baglary ýetişdirmekde, bereketli bol hasylyny ýygnamakda we agrotehniki çärelerini dogry we düzgün geçirmekde edilýän işleri ýakyndan gyzyklanyp bagbanyň degerli maslahatlaryny diňleýärler, tejribe alyşýarlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglaýarlar.  

17
17 28.07.2025
Kärhananyň işleri talabalaýyk ýola goýulýar

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlarda öndürýän önümleriniň ornuny tutup bilýän önümleri öndürýän kärhanalaryň işlerini talabalaýyk ýola goýmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde Mary welaýatynyň işewür telekeçileri netijeli işleri alyp barýarlar. Hususyýetçileriň önümçilik gözlegleri we kärhanalara häzirki zamanyň kämil tehnologiýaly enjamlaryny ornaşdyrmaklygy netijesinde harytlaryň täze görnüşleri ilata hödürlenýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki “Eziz erkin” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy hem ýurdumyzda ilkinjiler bolup, syýa galamyny öndürmek işlerini ýola goýan kärhanalaryň biridir. Mekdep okuwçylaryna we halk köpçüligine niýetlenen bu önümi öndürmek işleri awtomatik usulda dolandyrýan daşary ýurduň täze tehnologiýaly enjamlary arkaly amala aşyrylýar. Bu önümi öndürmekde ýerli polietilen çig maly hem-de daşary döwletden getirilýän syýa önümi ulanylýar. Kärhanada zähmet çekýän gujurly ýaşlaryň tagallasy bilen her aýda şular ýaly dürli reňkli syýa galamynyň ortaça iki ýüz müňe golaýy taýýarlanylýar. Gök, ýaşyl, gyzyl, gara syýa galamlary daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşige ukyply önümler bolup durýar. Işewür telekeçileriň irginsiz çekýän zähmetleri netijesinde öndürilýän bu syýa galamlary täze okuw ýylyna uly taýýarlyklar görýän mekdep okuwçylary üçinem uly sowgatdyr. Kärhananyň işçileri öz öndürýän önümleri bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek bilen birlik-de daşary ýurtlara hem eksport edýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalaryndan ruhlanyp işleýän hususyýetçiler geljekde syýa galamyndan başga-da ýelim görnüşli bedre we oturgyç ýaly önümleri öndürmekligi hem meýilleşdirýärler. Bazar ykdysady şertlerinde maksada okgunly we netijeli işleri alyp barýan hususy önümçilik kärhanasynyň işçileri orta we kiçi telekeçiligi ösdürmekde uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

41
41 28.07.2025
TÜRKMENISTAN - DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ata Watan dost-doganlyk mekany» diýlip atlandyryldy. 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent işleri ýaşlar köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Mary şäher Iç keselleri hassahanasynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy Wepa Hojaýew, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljekdigi we onuň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň etdiler.  Şeýle-de, Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler dogrusynda buýsançly nygtadylar.                                                              Resul BAÝRAMOW

20
20 28.07.2025
Dil bilen dünýäni gezer

Golaýda etrabymyzdaky 5-nji çagalar bagynda “Dil bilen dünýäni gezer” atly bäsleşik geçirildi. Onuň maksady ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrmakdan, çagalaryň dürli dilleri öwrenmekde ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Dürli dillerde labyzly goşgy aýtmakda körpeleriň arasynda geçirilen bu bäsleşigi TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa etrap geňeşimiziň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçiler we körpeler gatnaşdylar. Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Gülşat Töräýewa, 5-nji çagalar bagynyň müdiri Läle Muhammetberdiýewa çykyş edip, çagalaryň körpelikden dürli dilleri öwrenmäge isleg-höwesini artdyrmagyň bähbitli taraplary barada durup geçdiler. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň edip, bäsleşige gatnaşýan körpelere üstünlik arzuw etdiler. Soňra körpeler türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgulary labyzly okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň dürli dillerde goşgulary ökdelik bilen ýatdan labyzly aýdyşlaryny synlanyňda geljekki nesliň dil bilip, dünýäni gezjekdigine ynamyň artýar. Bäsleşikde has tapawutlananlar höweslendirildi.  Sähra UMMALYÝEWA.

16
16 28.07.2025
Ilkinji kömegi bermegi öwretmek

TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda lukmana çenli ilkinji kömegi bermegi öwretmek boýunça meýletinçiler bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň wekilleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.  Duşuşykda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we maddy-enjamlaýyn üpjünçilik bölümçesiniň müdiri Muhammetgeldi Allaýarow, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň wekili Oguljuma Saparmuhammedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletimizde ynsan saglygy hakynda aýratyn alada edilýändigi, adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çeken adama lukmana çenli ilkinji kömegi bermegiň guralyşy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Gülpamyk AKMYRADOWA.

37
37 28.07.2025
Parahatçylyk ýoly adamzadyň gymmatlygydyr

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk ýoly adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin ählumumy gymmatlykdyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDEI-niň mugallymy Merdan Orazmeredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Mähri Seýtiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Şirin Seýidowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem ýurdumyz boýunça şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýola goýulýan işler dogrusynda durup geçdiler. Şol sanda maslahatda üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar. Dabaraly  maslahatyň dowamynda  aýdym-sazly çykyşlara-da  giň orun  berildi. Ýaňlanan ajaýyp owazlar  oňa  gatnaşyjylara  ruhy lezzet  paýlady. Amandurdy ŞADYÝEW.

17
17 28.07.2025
Diýar Bitaraplyk toýuna barýar

Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Diýar Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrabyň ýaşaýjysy Jumamyrat Muhammedow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün AKMYRADOWA.

41
41 28.07.2025
TÜRKMENISTAN - DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ata Watan dost-doganlyk mekany» diýlip atlandyryldy. 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent işleri ýaşlar köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Mary şäher Iç keselleri hassahanasynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy Wepa Hojaýew, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljekdigi we onuň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň etdiler.  Şeýle-de, Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler dogrusynda buýsançly nygtadylar.                                                              Resul BAÝRAMOW

37
37 28.07.2025
Parahatçylyk ýoly adamzadyň gymmatlygydyr

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk ýoly adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin ählumumy gymmatlykdyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDEI-niň mugallymy Merdan Orazmeredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Mähri Seýtiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Şirin Seýidowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem ýurdumyz boýunça şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýola goýulýan işler dogrusynda durup geçdiler. Şol sanda maslahatda üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar. Dabaraly  maslahatyň dowamynda  aýdym-sazly çykyşlara-da  giň orun  berildi. Ýaňlanan ajaýyp owazlar  oňa  gatnaşyjylara  ruhy lezzet  paýlady. Amandurdy ŞADYÝEW.

17
17 28.07.2025
Diýar Bitaraplyk toýuna barýar

Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Diýar Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrabyň ýaşaýjysy Jumamyrat Muhammedow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün AKMYRADOWA.

43
43 28.07.2025
Halkara maslahatyna bagyşlanyldy

Şu günler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu möhüm waka mynasybetli duşuşyklar we maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda TSTP-niň welaýat komitetiniň mejlisler zalynda “Awaza forumy: Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygy TSTP-niň welaýat komiteti gurap, oňa komitetiň işgärleri, işjeň agzalary we telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, “Ak çeşme” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynyň hünärmeni Myrat Möwliýew, telekeçi Maýsa Anzarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Baýram AMANOW.

35
35 24.07.2025
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri mynasybetli TMÝG-niň Baýramaly etrap, şäher hem-de Garagum etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  Maslahatda TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Garagum etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, Baýramaly şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Gelmyradowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji ýylyň bütin dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi barada durlup geçildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy bolandygy barada guwançly gürrüň edildi. Giň mazmuna beslenen maslahat medeniýet işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýazmyrat ANNAGURBANOW.

33
33 24.07.2025
Ykdysady ösüşiň kepili

Ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 —  8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Zylyha Bakyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna ýardam etjekdigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün ATAÝEWA.

34
34 24.07.2025
Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Ýakynda Türkmengala etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jemal Hezretowa, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Sona Gurdowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň     ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi hakynda täsirli gürrüň etdiler.  Myrat ÇARYÝEW.

66
66 23.07.2025
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýardam eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik  Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza  30 ýyl dolýan ýylymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, şanly senä ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bellenilişi ýaly, içerki önümleriň öndürilişiniň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy.  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soňky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar.  Häzirki wagtda hormatly  Prezidentimiz daşary syýasatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylyksöýüji, birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üstünlikli alyp barýar. Munuň aýdyň mysalyna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlar we forumlar şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde  “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.  Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyryp, bu möhüm maslahata görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu halkara maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.  Kakageldi GURBANOW.

36
36 22.07.2025
Täsirli maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.

561
561 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

481
481 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

699
699 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

550
550 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

537
537 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

647
647 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

453
453 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

479
479 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.