Ýurdumyzda giňden bellenilýän medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň,Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi.Ýolöten şäheriniň döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen bu dabara etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, hoş owazly çykyşlaryna we döwrebap tanslara giň orun berildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran şirin mukamlaryň ählisi halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen Halkynyň Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy.Berkarar döwlerimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä ýaýmak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa








