Golaýda welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler zalynda TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň başlygy Sapa Süleýmanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Taganmyrat Gurtlyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara derejesindäki forumyň geçirilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Aýparça AKYMOWA.