Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy.
Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar.
Mähri SAPAROWA.








