Islendik ekiniň öz-özünden bolman, oňa yhlasyň, irginsiz aladanyň gerek bolýandygyna oňat düşünýän kärendeçiler ekin meýdanynda otag, hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Olar şu günlerde bolsa, gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi bilen meşgul bolýarlar. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem tutanýerli zähmet çekýän kärendeçileriň “armalary” ýetirilýär.
Golaýda TDP-niň Murgap etrap komitetiniň işgärleri etrabyň daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň arasynda boldular. Olaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjy kärendeçilere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Etrabyň “Watan” daýhan birleşiginden kärendeçilerden we olaryň kömekçilerinden Selbi Omarowa, Aýjemal Hekimowa, Zyýada Saparmyradowa, Laçyn Muhammedowa, Gülnur Ataýewa sowgada mynasyp boldular.
***
Şeýle sowgat gowşurylyş çäresi Mary etrabynyň gowaçaly meýdanlarynda hem bolup geçdi. Hasyl ussatlaryny işe has-da höweslendirmek maksady bilen TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri hem pagtaçy kärendeçilere höweslendiriji sowgatlary gowşurdylar.
Bol hasyl ugrunda aladalanýan pagtaçy kärendeçiler işlemek, çekýän zähmetiň hözirini görmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.