Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini we wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Serdarymyzyň eserleri ömrümize nur çaýýar” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga institutyň talyp ýaşlary hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny artdyrmak bilen, ýylyň bütin dowamynda amala aşyrylýan işler şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini aýdyp geçdiler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň at-abraýynyň dünýäde barha artýanlygy, agzybir halkymyzy bagtyň gujagynda ýaşatmak ugrunda edýän ägirt uly aladalary, belent menzilleri nazarlaýan ata-Watanymyzyň dürli pudaklarynda, ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler dogrusynda-da bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň berkarar bolmagy ugrundaky dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Suwhan Kulyýew.








