Biziň at-owazasy dünýä dolan mähriban Watanymyz bar. Şu ajaýyp Watanyň goýnunda bagtyýar döwürde döredýäris, gurýarys, eşretli ömür sürýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp, gül açýan ýurdumyzda halal zähmet çekýäniň gadyry bilinýär. Zähmet gahrymanlaryna Şa serpaýlary ýapylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň toýy mynasybetli hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýänleriň uly toparyna Şa serpaýlary ýapyldy. Olaryň arasynda özümiň hem bolmagym meniň buýsançly başymy göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň we “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy göwün guşumy ganatlandyrdy. Şa serpaýy meni mundan beýläk has-da joşgunly zähmet çekmäge borçly etdi.
Bu şatlykly waka maşgalamyzyň ähli agzalaryny hem örän buýsandyrdy. Uruş weterany, 108 ýaşly kakamy has hem guwandyrdy. Bu buýsançly waka mynasybetli biz ähli maşgalamyz bolup Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Goý, biziň eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyga beslensin!
Şamyrat AMADOW.








