Çaga wagtymyz ene-atamyz dişimiz gaçsa: “Sen indi ullakan adam. Ana, süýt dişiň gaçyp, deregine akyl dişiň çykyp ugrapdyr. Kim garagolluk etse dişi agyrak hem gowşak bolar. Kim akylly bolsa akyl dişi berk bolar” diýerdi. Biz dogrudanam, bezzatlygymyzy taşlap, uly adam bolmaga çalşardyk. Soň-soňlaram birden dişimiz agyraýsa: “Näme bezzatlyk etdikkäk?” diýip ünjä giderdik. “Etde göz agyrysy, süňkde diş agyrysy” diýlip dürs aýdylypdyr. Diş agyryly ukusyz geçirilen gijeler häzirlerem ýadyma düşse inim tikenekläberýär...
...Ýigrimi bäşden saýlanyp ugraňda bilmezlikden bir säwlik goýberseň ýaşulular: “Utanaňokmy, eňegiňe ata sakgaly, agzyňa akyl dişi çykypdyr” diýip, edep bererdiler. Men garrylardan alyn dişi, gyýak dişi, azy dişi, guzy dişi, süýt dişi, at dişi barada gürrüň baryny diňlesem-de, akyl dişi barada anyk maglumat alyp bilmändim. “Agtaran — tapar” diýleni. Ahyry garagumly bilim işgäri Baýram Agajanyň aýdany ýüregime jüňk boldy: “Akyl dişi adamyň akyly goýalyşyp ugranda, diş hatarlarynyň gutarýan ýerinden ýokarda we aşakda sag-çep tarapdan iki diş agyrysyz çykýar eken. Garrylaryň gürrüňine görä, akyl dişli orta ýaşly ynsan goýraslanyp, agraslanyp, akyllanyp aýyl bolarmyş. Magtymguly atamyzyň dana setirlerinde:
Jahyllykda öten işler geň görner,
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat — diýip, dürs belleýşi ýaly, orta ýaşdan soň, saç-sakgala gyraw sepeläp, akyl dişi çykyp, adam üýtgeşiklik tapyberýär eken.
Baýramguly ÇARYGULYÝEW.