Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär. Welaýatyň Tagtabazar etrabynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada göwün göteriji şowhunly çykyşlara giň orun berilip, onda etrabyň medeniýet we sungat ussatlary aýdymdyr sazlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler. Medeniýet işgärleri özleriniň ýerine ýetiren çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan rowaç işlerine bolan çäksiz buýsançlaryny belent joşgun bilen beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








