Ýakynda Garagum etrap merkezi kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen etrapdaky orta mekdepleriň kitaphanaçylarynyň we mugallymlarynyň hem-de kitaphananyň okyjylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Maslahatda etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Gurbantäç Jumaýewa, şol kitaphananyň kitaphanaçysy Nurjemal Orazowa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Döndi Kerwenowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny, ähmiýeti barada aýdyp, olaryň ählisiniň ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülendigini nygtadylar. Munuň bilen bir hatarda kitap okamagyň peýdasy, ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekde taýsyz tagallalaryň edilýändigi, medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Aýjemal AGAJANOWA.








