Ajaýyp çykyşlara giň orun berildi
weather mary 12° C Mary
weather mary 12° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Ajaýyp çykyşlara giň orun berildi

24 13.02.2026

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher,etrap Geňeşleri bilen  bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Bedew bady bilen öňe watanym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýa Annameredowa.

Suratlar

9
9 13.02.2026
Sport — parahatçylygyň ilçisi

11-nji fewralda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden wasp edildi. Garaşylýan tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy. Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler. “Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy. Milli Liderimiz oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa, ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny nygtapdy. Şeýlelikde, iki güýçli toparyň bu oýny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Futbolçylaryň görkezen gaýraty, janköýerleriň goldawy we halkara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy Aşgabatdaky futbol agşamynyň iň uly ýeňşi boldy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

22
22 13.02.2026
Täsirli sapak geçirildi

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym bilim ulgamy hem barha ösýär, kämilleşýär. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi  işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, ylymly, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, edepli-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, tebigy zehinini açmak, olary ylmy barlaglary geçirmäge höweslendirmek hem-de hünärlere gönükdirmek babatda alnyp barylmaly işlerde bilim işgärlerine örän möhüm wezipeler degişli bolup durýar. Mary welaýat “türkmen tebigaty” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hem çagalaryň okuwdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin şeýle hem ýaş neslimize ekologiýany goramagyň wajypdygynyň ähmiýetini öwretmekde okuw sapaklaryny yzygiderli geçirýär. Mary welaýat baş bilim müdirliginiň gurnamagynda hem “Türkmen tebigaty” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy  okuwçylarda örän ýakymly täsir galdyrdy. Okuw sapagynda çagalar özleriniň wagtlaryny hem gyzykly geçidiler hemde öz bilimlerini hasda artdylar. Şeýle hem bu sapakda çagalar dürli tohumlardan we günebakar çigidinden güliň şekilleri her hili haýwanjyklaryň şekillerini ýasap öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza okuw sapagyna gatnaşan çagalar we mugallymlary köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Göwher Ataýewa.

27
27 13.02.2026
Ýylymyzyň aýdyň beýany

        Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy mynasybetli Mary şäherinde ýerleşýän “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar etrap komitetleriniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň halypa aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

23
23 13.02.2026
Ajaýyp çykyşlara giň orun berildi

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher,etrap Geňeşleri bilen  bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Bedew bady bilen öňe watanym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

28
28 13.02.2026
Bedew batly öňe barýar Diýarym

      ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan dabaraly çäreleriň çäklerinde  Mary welaýatynyň Murgap etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  etrap birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň, medeniýet bölüminiň we merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda  “Bedew batly öňe barýar Diýarym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň ösüş ýoly barada  täsirli gürrüňler etdiler. Dabaranyň dowamynda Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki ýerine ýetirilen çykyşlarda Bagtyýar zamanamyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleriniň giňden waspy ýetirildi. Nurjahan Mämmedowa.

45
45 11.02.2026
Garaşsyzdyr Watanymyz, bagtyýardyr ilimiz

      Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly  at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatymyzda hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Ýolöten etrap medeniýet merkezinde Ýolöten etrap häkimliginiň we Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzdyr Watanymyz, bagtyýardyr ilimiz” ady bilen geçirildi. Dabara hormatly il ýaşulylar, kümüş saçly mährem enelerimiz hem-de etrabyň bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar Watanmyzyň ösüşlerini wasp edýän göwün joşduryjy aýdym-sazlara, ajaýyp tanslara tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

51
51 11.02.2026
Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

48
48 11.02.2026
Ýaşlaryň arasynda maslahat geçirildi

     Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň,welaýat Baş bilim müdirliginiň,Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň gurnamagynda geçirlen wagyz-nesihat çäresi 2026-njy ýylyň döwrebap atlandyrylmagyna bagyşlandy. Şöhratly ýylymyzyň uçar ganatly bedewlerimiz bilen baglanşykly atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen bu çäre “Türkmen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýy we şan-şöhraty barha belende göterýär”-diýlip atlandyryldy. Wagyz-nesihat çäresine welaýatyň bilim işgärleri, ýaşlar guramasynyň we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresindäki çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde hususy we bilim ulgamlarynda hem uly üstünliklere ýe bolunýar. “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylymyz hem şanly seneler,toý-baýramlar bilen barha dabaralanýar. Bu ýylda gujurly ýaşlara, olaryň çekýän zähmetine uly bil baglanýar. Belent şygar astynda badalga alýan ýylymyzyň uçar ganatly bedewler bilen baglanyşdyrylmagy bolsa ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde arşa galdyrýar-diýlip buýsanç bilen bellenildi. Işjeň häsiýete eýe bolan wagyz-nesihat çäresinde halkymyzyň hal ýagdaýlaryny ýokary derejelere götermekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

104
104 05.02.2026
Kitaphanasyndaky duşuşyk

     Ýurdymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly   2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda  geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen  maslahata bu okuw jaýynyň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar.   Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrynda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler. Altynaý Seýitberdiýewa.

27
27 13.02.2026
Ýylymyzyň aýdyň beýany

        Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy mynasybetli Mary şäherinde ýerleşýän “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary, Wekilbazar etrap komitetleriniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara şahadatnamasyna mynasyp bolmagy halkymyz üçin uly buýsançdygy dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň halypa aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.

23
23 13.02.2026
Ajaýyp çykyşlara giň orun berildi

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher,etrap Geňeşleri bilen  bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Bedew bady bilen öňe watanym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

28
28 13.02.2026
Bedew batly öňe barýar Diýarym

      ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan dabaraly çäreleriň çäklerinde  Mary welaýatynyň Murgap etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  etrap birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň, medeniýet bölüminiň we merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda  “Bedew batly öňe barýar Diýarym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň ösüş ýoly barada  täsirli gürrüňler etdiler. Dabaranyň dowamynda Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki ýerine ýetirilen çykyşlarda Bagtyýar zamanamyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleriniň giňden waspy ýetirildi. Nurjahan Mämmedowa.

51
51 11.02.2026
Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym

  ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde  gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. ,,Rowaçlyklara beslenen, bedew batly şan – şöhratly Diýarym” atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýmyrat Gurbanow.

113
113 05.02.2026
Şanly ýylyň  şygry - ýürekleriň kelamy

    Mary welaýat kitaphanasynda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň many-mazmunyny, ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “şanly ýylyň  şygry-ýürekleriň kelamy” atly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýalaryň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de  Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalary  dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şele hem maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk,  baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar parahat ýurdumyzda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar. Altynaý Seýitnyýazowa.

113
113 05.02.2026
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan şan-şöhratyň dünýä ýaýylýar

   ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Mary etrabynda  etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary etrap komitetiniň, Ýaşlar Guramasynyň etrap geňeşiniň, Agrar partiýanyň etrap komitetiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň döwrebap Medeniýet öýünde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan şan-şöhratyň dünýä ýaýylýar“- ady  bilen geçirilen bu dabaraly çärä Mary etrap bilim edaralarynyň işgärleri, ýaşuly gojalar, mährem eneler, we etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Bu ýerde etrabyň sungat ussatlary  hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler we etrabyň “Marguş” tans toparynyň uly ussatlyk bilen ýerine ýetiren döwrebap tanslary ruhubelentlik eçilip, bu ýere gelenleriň kalbyny has-da joşdurdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli zamanasynyň barha şan-şöhrata eýe bolýan ajap döwrümiziň waspy giňden beýan edildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran şirin mukamlaryň ählisi halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň  täze ady bilen baglanyşykly edilen täsirli gürrüňler bu ýere ýygnananlara ýakymly duýgulary bagyşlady. Nurjahan  Mämmedowa.

105
105 05.02.2026
Gatnaşyjylara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady

      Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Eýle hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy dogrusyndaky gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana  Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar we joşgunly tanslar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady. Merjen Çaryýarowa.

65
65 30.01.2026
Ajaýyp şygara bagyşlanyldy

Ýakynda  etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýylyň şygary mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatçylygymyzyň özeni — Garaşsyzlyk göz guwanjymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň we TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň wekilleri we mährem eneler gatnaşdylar.  Çärede etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy we taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde bedew batly Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi.  Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler parahat ýurdumyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar. Myratly AMANNAÝEW.  

53
53 30.01.2026
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görülýär

Ýakynda  “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň  29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen okuw-maslahaty geçirildi.  Okuw-maslahatyna Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri, welaýat, etrap, şäher, okrug we etrapdaky şäher, şäherçe geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklary, syýasy partiýalaryň, welaýat, etrap, şäher komitetiniň  ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Maslahaty Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýew alyp bardy. Okuw-maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, welaýat häkimliginiň wekili Tirkiş Amannaýew çykyş etdiler. Çykyşlarda welaýatymyzda täze döredilen Oguzhan etrabynyň halk maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ykjam taýýarlyk görmek hakynda gürrüň edildi.  Aýparça AKYMOWA.  

1291
1291 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1068
1068 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1335
1335 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1218
1218 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1211
1211 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1353
1353 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1020
1020 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1201
1201 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.